11-nji noýabrda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri […]
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Özbegistanyň täjirleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy. Owganystanyň we Özbegistanyň […]
27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamini kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Myhman mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny […]
27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hymatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň ХV Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwin bilen duşuşdy. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Prezident Arif Alwi mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistanyň […]
27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХV Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary ýene-de duşuşmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara […]
27-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Türkiýäniň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Howa menzilinden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna tarap […]
Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky Sammiti öz işine başlady. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-niň agzasydyr. Ýokary derejedäki bu duşuşyk paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Bu forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriniň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň […]
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpuguriy işewür merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ýene-de bir ajaýyp ýerleriniň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täzeçil strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýän hem-de ýäşamak üçin has oňaýly döwrebap şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik […]
Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy gadymdan bäri […]
- 1
- 2