abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti şu ýyl «Smart TV» platformaly hem-de «IP-týunerli» telewizorlary öndürip başlady. «Tolkun» haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýuýmlyk, şeýle-de «Zemin» haryt nyşanly diagonaly 55 dýuýmlyk suwukkristal ekranly hem-de «4K Ultra HD» durulykly telewizorlarynyň hyrydarlary barha artýar. Kärhana içerki bazar hem-de eksport üçin niýetlenen telewizorlaryň ýylda 100 müň sanysyny öndürmäge ukyply. Telewizorlar Hytaýyň «Xin Hong Bo Trading Limited» kompaniýasynyň tehnologiýasy boýunça we toplumlaryny ulanmak arkaly düzülýär. Telewizorlaryň korpus detallary kärhananyň plastik öndürýän sehinde ýerli çig maldan öndürilýär. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2017- nji ýylda LED lampalarynyň önümçiligini hem ýola goýupdy. Ýurdumyzda elektron senagatyň barha ösmegi, milli telewizorlaryň, kompýuterleriň öndürilmegi hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçileri esasynda amala aşyrylýar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!