abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda bu guramanyň Aşgabatdaky wekili E.P.Nataliýa Drozdyň, halkara bilermeni Mark Grigorýanyň (Beýik Britaniýa), şeýle-de Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplarynyň gatnaşmaklarynda onlaýn okuw sapagy geçirildi. Sapagyň maksady «Žurnalistika bilimini kämilleşdirmek boýunça ýardam bermek» atly taslamany durmuşa geçirmekden ybarat bolup, ol ÝHHG bilen bilelikdäki meýilnamalaýyn çäreleriň çäginde alnyp barylýar. Onlaýn okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkeýändigini belläp, Türkmenistan döwletimiziň halkara bileleşigindäki abraýyny we bähbitlerini goramaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak, şeýle-de ata Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda alyp barýan döwrebap özgertmelerini durmuşa geçirmek babatda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag­bolsunlaryny aýtdylar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!