abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda san¬ly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bilen, Güneşli Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalar, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron res¬minamalar dolanyşygyna we elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçilýär. Bäsleşige ukyply sanly ulgam döredil¬ip, elektron söwda we hasaplaşyk hyzmatlarynyň giň gerimi üpjün edilýär. Häzirki zaman ykdysadyýetiniň netijeli we kadaly ösüşinde elektron resminamalar dolanyşygynyň ähmiýeti uludyr. «Elektron resminama dolanyşygy» düşünjesi jemgyýetimiziň şu günki durmuşyna giňden ornaşdy, şeýle hem kagyz däl resminamalar diňe bir edaralarda we guramalarda däl, eýsem, telekeçiler we şahsy taraplaryň gatnaşyklarynda hem giňden ulanylýar. Nagt däl hasaplaşyklar, elektron pul geçirmeleri, plastiki elektron kartlar, elektron interaktiw okuw serişdeleri we kitaplary biziň şu günki durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi boldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň salgyt ulgamynda elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Bu işleriň jemgyýetiň ähli ulgamlary bilen baglanyşykly ornaşdyrylmagy bolsa, oňaýly netije berýär.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!