abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi. Şäher we oba saglyk öýlerinde edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak hakda aýdyp, bu ugurda degişli Karara gol çekdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrlarynda lukmançylykda häzirki zaman şypahana-dynç alyş ulgamy döredildi we ýurdumyzyň derman senagaty berkidildi. Saglygy goraýşy öz kärine ussat hünärmenler we maglumatlar ulgamy bilen üpjün etmek, kanunçylyk binýadyny berkitmek babatynda ägirt uly işler tapgyrlaýyn, yzygiderli, paýhasly, ylmy taýdan esaslandyrylyp amala aşyrylýar. Bu işler abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi. Milli maksatnama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk oba Saglyk öýi, Duşak şäherçesinde Keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy, Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş, Tejen etrabynyň Zähmet we Babadaýhan, Sarahs etrabynyň Garaman oba Saglyk öýleri guruldy, Balkanabat şäherinde 1-nji Saglyk öýi ulanylmaga berildi. Döwrebap we kämil bejeriş, anyklaýyş, okuw we önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen bu merkezler ilatymyza ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýarlar. 2018-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasy, Türkmenbaşy şäherinde 200 orunlyk «Awaza» şypahanasy, şeýle hem oba Milli maksatnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde welaýat köpugurly hassahanasy açyldy. Ýurdumyzyň şypahanalarynda gelioterapiýa, psammoterapiýa, talassoterapiýa, aeroterapiýa, stounoterapiýa, balneoterapiýa, fitoterapiýa we beýlekiler ýaly bejerişiň tebigy usullary giňden peýdalanylýar. Türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan toplumlaryň we çaýlaryň 50-den gowrak görnüşi iş tejribesine ornaşdyryldy. Ähli Saglyk öýlerinde «Saglyk mekdepleri» hereket edýär, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary netijeli bejermek üçin algoritmler işlenilip taýýarlanyldy we lukmançylyga ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly pugtalandyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň sporta, ilkinji nobatda bolsa, ynsan saglygyny berkitmegiň möhüm serişdesine bolan aýratyn gatnaşygy Türkmenistanyň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, sagdyn we ruhy taýdan kuwwatly nesilleriň terbiýelenmegini esasy ugur edinýän durmuş syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda sporta höwesekleriň sany artýar. Jemgyýetimizde sportuň ähmiýeti ýokarlanyp, ol häzirki döwrüň baş ýörelgesine öwrülýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şahsy görelde bolýar. Soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň arasynda ýurdumyzda täzeden diýen ýaly dikeldilen welosiped sporty işjeň ösdürilýär we ol aýratyn meşhurlyga eýe bolýar. Bu işler bilen meşgul bolmak, beden agzalarymyzyň işjeň ýagdaýda işlemegine özüniň oňaýly täsirlerini ýetirýär.
Dünýä ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd