Geçen hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýurdumyzda we sebitde işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ganaşyjylaryň käbiri wideoaragatnaşyk hyzmatyndan peýdalandylar. Hususan-da, maslahata BMG-niň agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş maksatnamasynyň edaralarynyň, ÝUNISEF-iň, BSGG-niň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdürliginiň (AHÝKM), BMG-niň ilat gaznasynyň (ÝNFPA), BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (BÝKM), BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (NJM), BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Aziýa we Ýuwaş okean sebiti ü4çin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG), Zähmeti guramagyň halkara guramasynyň (ZGHG) we beýlekileriň 30-a golaýy gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. BMG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň baş ugry boulp durýar hem-de howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, gender deňliginiň, ekologiýa meseleleriniň hem-de migrantlaryň ukuklaryny goramagyň meselelerini öz içine alýar diýlip nygtaldy. Maslahatyň barşynda şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalary hem-de taslamalary netijeli durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça gol çekilen ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Olar resminamalaryň 44-sini özünde jemleýär. Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, azyk howpsuzlygy we ekologiýa bar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy. Bilelikdäki işleriň netijelerine baha berildi. Halkara düzümleriniň wekilleri Türkmenistanyň bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işine ýokary baha berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar golaýda Aşgabatda başlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýyly geçirmegiň “Ýol kartasynda” bellenilen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar 2030-njy ýyla çenli Güntertibiniň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant goşar.
Ýakynda, 2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşyk geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-e agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi. Wideomaslahatyň barşynda taraplar türkmen tarapynyň synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň synçy derejesiniň BSG-niň düzümine goşulyşmaklyga ilkinji möhüm ädimdigini we türkmen tarapynyň synçy döwri, bu gurama we onuň işi bilen ýakyndan tanyşmagy, şeýle hem gurama doly hukukly agza hökmünde goşulyşmak baradaky gepleşikleriň başlamagyna taýýarlyk görmegine mümkinçilik döretjekdigi bellenildi. Şeýle hem çärä gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanyşykly ileri tutulýan birnäçe meselelere garaldy. Türkmenistanyň BSG-e gatnaşmagy ýurduň milli we daşary ykdysadyýetiniň çalt ösmegine goşant goşar, şeýle hem maýadarlary çekmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.
Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda,Türkmen döwlet maliýe institutynyň gabadynda açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň ýokary hilli önümleri bilen üpjün edilen dükanlary halkymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjegi täze, döwrebap keşbe eýe bolýar. Alnyp barylýan binagärlik-gurluşyk işleriniň netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat ak mermere beslenen şäher hökmünde «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizilen bolsa, ýurdumyzyň welaýatlary öz keşplerini düýpgöter üýtgedip, senagat taýdan ösen, medeni-durmuş maksatly binalaryň özboluşly toplumlaryny özünde jemleýän, dünýä ülňülerne laýyk gelýän, döwrebap sebitlere öwrüldi.
Diýarymyzyň ähli ýerleriniň döwrebap keşbe girmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 10-njy aprelde Ahal welaýatynyň täze şäheriniň düýbüniň tutulmagy-da, bu babatda alnyp barylýan işleriň üstüni ýetirdi.
Gurluşyk işlerine badalga berlen Ahal welaýatyndaky täze şäherde kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalaryň sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli amatly şertler dörediler. Täze şäherde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagy, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdep, başlangyç we orta hünär mekdebi, şeýle hem iki sany sungat mekdebi bina ediler.
Ak mermerli Aşgabat Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekmek bilen, özüniň ajaýyp binagärlik keşbine eýe boldy. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti özboluşly desgalar, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlary bilen ýetirildi. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde, türkmen paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.
Paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän binagärlik toplumlary paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşsa, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder. Sözüň doly manysynda, ýakyn ýyllarda bu ýerde edara binalarynyň, hyzmatlar ulgamy kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň tutuş toplumyny öz içine alýan täze ägirt uly şäher peýda bolar. Häzirki wagtda täze şäherçäniň estetik keşbiniň döredilmegi üçin birnäçe taslamalar işlenilip düzüldi. Täze binagärlik taslamalary özboluşly, tapawutly hem-de täsir galdyryjy häsiýete eýe bolar. Munuň üçin binalaryň we desgalaryň bezeginde milli amaly-haşam sungatynyň ýörelgeleri, häzirki zaman çözgütler döredijilikli ulanylar. Binagärlik toplumynyň merkezinde gurulmagy meýilleşdirilýän «Türkmeniň ak öýi» binasy giň göwrümli täze gurluşyklaryň aýratyn bezegi bolar. Türkmeniň ak öýi görnüşindäki täsin hem-de belent desga iri dabaralaryň we medeni çäreleriň geçirilmegi üçin niýetlener. Ak öý abadançylygyň we ösüşiň, dostlugyň hem-de türkmen myhmansöýerliginiň nyşanydyr. Biz hem abadançylygy we ösüşi nazarlaýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, döwletli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.