abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

220518 fransz yendiAşgabat wagty bilen 16-njy maýdan 17-nji maýa geçilýän gijede Diego Simeonäniň tälimçilik edýän «Atletiko» topary fransuzlaryň «Marsel» toparyny 0:3 hasabynda utup, Ýewropa Ligasynyň kubogyna eýe boldy. «Atletiko» oýnuň jylawyny elden bermän diýen ýaly, her bir pursatda seresaplylyk bilen oýnady diýsegem boljak.

Oýnuň birinji ýarymynyň 21-nji minudynda gol geçiren fransiýaly ussat futbolçy Grizmann ikinji ýarymyň 49-njy minudynda janköýerleriň şowhunyny artdyryp, gynansa-da, öz watandaşlarynyň lapyny keç etmeli boldy.

Bu bir oýun, haýsy topar üçin oýnasaň şonuň bähbidi üçin ylgamaly bolýar. «Atletiko» janköýerlik edýänleriň iň hormatly oýunçylarynyň biri – Gabi 89-njy minutda pökgini derwezäniň gujagyna salyp, hasaby 0:3-e ýetirdi.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!