abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

210518 hitai futbolPekin uniwersitetiniň sport toplumynda Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleriniň arasynda her ýyl geçirilýän 22-nji futbol ýaryşy boldy. Çäräni HHR-yň Daşary işler ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport batradaky baş müdirligi gurnadylar. Pekin uniwersitetiniň sport toplumynda Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleriniň arasynda her ýyl geçirilýän 22-nji futbol ýaryşy boldy. Çäräni HHR-yň Daşary işler ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport batradaky baş müdirligi gurnadylar. 
Ýaryşa Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Polşanyň, GAR-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Şwesiýanyň, Awstraliýanyň, Wengriýanyň, Maldiwleriň Ilçihanlaryna, şeýle hem Hytaýyň DIM-ne we Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligine wekilçilik edýän 16 topar gatnaşdy. 
Ýaryşda toparlaryň ählisi çalt depginli, hüjümli oýnadylar. Hatarynda diplomatik wekilhananyň işgärleri we Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bolan ýygyndy toparymyz aýgytlaýyjy duşuşykda Hytaýyň DIM-niň toparyny 2:1 hasabynda utup, çempionlyk kubogyna mynasyp boldy. Üçünji orny Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň topary eýeledi.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd