Elektromobiller üçin kuwwatlandyrjy stansiýalary öndürýän «Blink Charging Co.» kompaniýasynyň paýnamalary täze şertnama baglaşandygy hakyndaky habardan soň gymmatlady we geçen söwdalarda her bir paýnamasynyň girdejisi ABŞ-nyň 51,51 dollaryna deň boldy. «Blink Charging» Amerikada elektromobillere kuwwatlandyryjy stansiýalary gurmagy we elektrokuwwatlandyryjy beketleri dolandyrmak üçin enjamlary satmagy ýaýbaňlandyrýar. Ýaňy-ýakynda kompaniýa San-Antonio şäheriniň (Tehas ştaty, ABŞ) häkimligi bilen 140 sany ýönekeý we 3 sany çalt kuwwat berýän stansiýalary gurmak hakynda şertnama baglaşdy.
«Sonos Inc.» kompaniýasynyň paýnamalary 2020-nji ýylda 100% gymmatlady. Bu ösüşe kompaniýanyň dinamikalarynyň abraýynyň ýokarlanmagy we söwdalarynyň ösmegi sebäp boldy. Alyjylaryň aglabasynyň harytlara berýän bahasyna laýyklykda, «Sonos»-yň kolonkalarynyň çykarýan sesiniň hili köp kompaniýalaryň, ylaýta-da, «Amazon», «Apple» we «Google» ýaly kompaniýalaryň önümlerinden has ýokarydyr.
Kompýuterleriň ätiýaçlyk enjamlaryny öndürýän «Plantronics Inc.» güýçli çärýek jemleriniň we oňaýly çaklamalarynyň netijesinde, ösüşe itergi aldy. Kompaniýanyň söwdalary 2020-nji ýylyň 26-njy dekabrynda tamamlanan 4-nji çärýekde 50% ösüp, ABŞ-nyň 488 million dollaryna ýetdi. Her paýnama alnan paý peýda geçen ýylyň degişli döwrüniň 0,3 ABŞ dollary bilen deňeşdireniňde, ABŞ-nyň 1,47 dollaryna barabar boldy.
Geçen söwdalarda «Plantronics Inc.»-yň bir paýnamasynyň bahasy ABŞ-nyň 42,45 dollaryndan bahalandy.
Microelectronics company Amkor Technology, Inc. (NASDAQ: AMKR) releases Q4 2020 Report Amkor's sales are driven by stronger demand for smartphone and automotive electronics. In the last auction, the AMKR share was worth $ 19.38. In the quarter ended December 31, 2020, Amkor's net sales grew 16.3% yoy to $ 1.37 billion. By the end of 2020, sales exceeded $ 5 billion (+ 24.6%), and profit was $ 338 million, or $ 1.4 per share. Free cash flow doubled to $ 221mn and remains positive for the sixth consecutive year.
Geçen hepde mikroelektronika öndürýän «Amkor Technology, Inc.» kompaniýasy 2020-nji ýylyň 4-nji çärýeginiň söwdalarynyň ösendigini görkezýän hasabatyny çap etdi. «Amkor»-yň söwdasynyň pajarlamagyna smartfonlar we awtoulaglar üçin elektronika bolan islegiň has ýokarlanmagy sebäp boldy. Kompaniýanyň söwdalary 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, 16,3% ösüp, ABŞ-nyň 1,37 milliard dollaryna, sap girdeji bolsa ABŞ-nyň 127 million dollaryna ýa-da bir paýnama ABŞ-nyň 0,52 dollaryna barabar boldy