abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

«Xeimtextil» — dünýäniň iň uly öý dokma önümleriniň ýarmarkasy bolup, ol her ýyl dünýä ýurtlaryny Germaniýanyň Frankfurt şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň uly öý dokma önümleriniň öýi hasaplanýan «Messe Frankfurt»-da bir ýere jemleýär. Geçen ýyl «Xeimtextil — 2020» sergi-ýarmarkasy 2 müň 918 kompaniýany, şol sanda 62 müň 970 söwda syýahatçylaryny kabul etdi. Olaryň 91%-iniň bolsa Germaniýanyň daşyndan gelen söwda we önümçilik muşdaklarydygy aýratyn bellärliklidir. 2021-nji ýylyň 4 — 7-nji maýynda 51-nji gezek geçiriljek «Xeimtextil»-e bölek satyjylar, dizaýnerler, mebel we düşek dükanlary, içerki bezegçiler, binagärler, mahlasy, durmuşyň islendik ugry üçin dokma önümlerini öndüriji kompaniýalar gatnaşarlar. Häzirki wagtda «Xeimtextil — 2021» ýarmarkasynda dünýäniň 49 ýurdundan 947 sergi meýdançalary bron edilendir. 1971-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän «Xeimtextil» sergi-ýarmarkasynyň diwarlyklaryny, esasan, dokma önümleri — matalar, öý dokma önümleri, tutular, deri önümleri, halylar, diwar kagyzlary, ýatylýan otaglar üçin dokma önümleri, hammam lybaslar toplumlary bezeýär. Şonuň üçin-de, bu dünýäniň iň uly dokma önümleriniň sergisi hökmünde meşhurlyga eýedir.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!