abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

2017-nji ýylda işe başlan «Ýedidogan» haryt nyşanly hususy kärhanasynynyň öndürýän önümleri daşky gurşawy goramak babatda, şeýle-de adam saglygyna zyýansyzlygy babatda öwgä mynasyp. Bu kärhanada abadançylygyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa zelelsiz önümleriň iýmit üçin zyýansyz kraft kagyz torbalary, egin-eşik üçin, sowgatlar üçin niýetlenen sowgatlyk torbalary ýaly birnäçe görnüşleri öndürilýär. Şeýle önümleri dürli ölçeglerde we islendik şekilde öndürmäge mümkinçiligi bolan hususy kärhananyň daşky gurşawyň goramaklygyň ygtybarly ulgamyny döredýändigini kagyz gaplaryny öndürmek üçin peýdalanýan armirlenen kraft kagyzynyň aklanan we aklandyrylmadyk görnüşiniň tebigatda zyňylanynda köp saklanman tebigi döküne öwrülmesi bilen delillendirmek mümkin. «Ýedidogan» söwda nyşanly kärhananyň 1 kilogramdan 40 kilogram möçberine çenli agramy götermäge ukyply kagyz torbalar we haltalar öndürip içlerine un, makaron, duz, greçka, nohut, tüwi, ýer almasy we ş.m dürli önümleri gaplamaklyga niýetlenen. Tebigaty goramak ulgamyndaky netijeli işleriň aýdyň mysallarynyň biri bolan «Ýedidogan» söwda nyşanly hususy kärhanasynynyň ýolbaşçysy ýakyn günlerde ýeňil plastmassa gap önümleriniň ýerini tutjak penjireli kagyz torbajyklary we ýörite çörek önümlerinde gigiýenany üpjün etmek üçin ýuka kagyzdan çörek önümlerini gaplamak üçin kagyz göni burç kagyz torbajyklaryny öndürmegi we önümlerini eksport etmegi maksat edinýär.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!