abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

Paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli söwda nokatlarynyň biri bolan «Gülüstan» döwlet söwda merkezinde gurnalan göçme söwda nokatlarynyň hyrydarlary ýetik. Uludan-kiçä her ynsanyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy golaýlaşdygyça, kalbyňy üýtgeşik duýgular gaplaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir künjeginde gurnalan göçme söwda nokatlarynyň esasyny düzýän harytlaryň ýerli kärhanalarymyz we telekeçilerimiz tarapyndan taýýarlanylyp, halka hödürlenmegi aýratyn bellärliklidir. Islendik ýaşly raýatlarymyz üçin niýetlenip taýýarlanan sowgatlar köpdürlüligi bilen tapawutlanýarlar. Şeýle-de göçme bazarlarymyzda alyjylaryň ýörite isleglerine görä hem süýjüli sowgatlyklar taýýarlanyp berilýär. Olardan sebet, sandyk, kagyz gutuly sowgatlyklar amatly bahalardan alyjylarymyza hödürlenýär. Bereketli türkmen saçagynyň bezegi boljak azyk harytlar eýýäm tekjelerinde mynasyp ornuny alypdyr.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan welaýatlarymyzda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde birnäçe göçme söwda nokatlary gurnaldy.

Täze ýylyň aýrylmaz nyşany — ýaşyl arça we olara bezeg berýän köpöwüşginli çyralardan başlap, sowgatlyk harytlarynyň ähli görnüşleri size garaşýar. Onda näme, ýakynlaryňyzy Täze ýyl sowgatlary bilen şatlandyryň!

Goý, 2021-nji Täze ýyl her bir maşgala rysgal, bagt getirsin!

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is a Joomla Security extension!