abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

11-nji dekabrda Söwda toplumynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda ministrligiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň arasynda yglan edilen «2020-nji ýylyň iň oňat söwda kärhanasy» atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Maslahatda çykyş edenler söwda toplumynyň işgärlerini ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem «2020-nji ýylyň iň oňat söwda kärhanasy» atly bäsleşikde ýeňiji bolan edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryny gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olara mundan beýläk hem işlerinderowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra ýeňiji bolan edara-kärhanalaryň sanawy mälim edildi we Aşgabat şäherinden dürli ugurlarboýunça saýlanan kärhanalar sylaglandy. Oňa laýyklykda, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary boýunça 1-nji orna «Paýtagt» söwda merkeziniň «Paýtagt» restorany mynasyp boldy. Şeýle hem önümçilik ugry boýunça 1-nji orna «Abadan» önümçilik kärhanasy we bazarlar boýunça 1-nji orna «Gündogar» bazary saýlanyldy. Lomaý-bölek söwda kärhanalarynyň arasynda «Türkmenbakaleýa» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle-de söwda kärhanalarynyň arasynda 1-nji orna «Altyn Zaman» döwlet söwda merkezi mynasyp görüldi. Ýeňijilere gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň tapawutlanyp zähmet çeken hünärmenleriniň birnäçesine ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de zähmetde gazanan üstünlikleri üçin gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hatarynda durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd