abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

1-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda halkara sergisi öz işine başlady. 12 günläp dowam etjek halkara serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi we häzirki günlerde hem dowam edýär. Sergiler zalynda Söwda toplumynyň üstünliklerini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz diwarlyklarynda görkezdiler. Häzirki günlerde hem dowam edip duran bu forumyň ata Watanymyzyň, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, söwda, ulag üstaşyr, ykdysady, maýa goýum babatdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly orun eýelejekdigi ikuçsuzdyr.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

Our website is protected by DMC Firewall!