abuna new

otel reklama

ruhabat

ruhabat

24 -nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň azyk söwda kärhanasynyň işgärleri bilen zähmet düzgün-tertibini berkitmek, ýokanç keselleriň öňüni almak, türkmen gelin-gyzlarymyzyň edep-terbiýesi hakda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga söwda kärhanasynyň düzüminde hereket edýän dükanlaryň we hyzmat ediş nokatlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşykda, ilki bilen, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy O.Işimowa çykyş etdi. Soňra maslahatda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany L.W.Wartanýan çykyş edip, köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtügini ulanmak, fiziki işjeňlikde bolmak, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek barada birnäçe maslahatlary berdi. Soňra Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, hormatly ene B.Mämmedowa gelin-gyzlarymyzyň milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, şeýle-de milli däp-dessurlarymyz dogrusynda gürrüň berdi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallar hakynda pikir alyşdylar.

Maslahatyň ahyrynda il-halkynyň bagtyýar, sagdyn, durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Поделиться в соцсетях

Получать Рассылку

DMC Firewall is developed by Dean Marshall Consultancy Ltd