DAŞARY YKDYSADY ARAGATNAŞYKLARY SELJERIŞ BÖLÜMI


Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň bölümi bolup, ol öz işini, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, Türkmenistanyň mejlisiniň kararlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerine, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Ministrliginiň Düzgünnamasyna hem-de Ministriň buýruklaryna esaslanyp alyp barýar.

BÖLÜMIŇ ESASY WEZIPELERINDEN:


Harytlaryň Türkmenistanda öndürilendigi hakynda güwänamalary resmileşdirýär.
Harytlaryň Türkmenistanda öndürilendigi hakynda güwänamalar şu resminamalar berlende amala aşyrylýar:

– daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjynyň arzasy; daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjynyň şahadatnamasynyň nusgasy;
– Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa, ýerasty baýlyklary we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan berlen harydyň hil sertifikaty;
– harytlaryň Türkmenistanda satyn alnandygy ýa-da öndürilendigi hakyndaky resminamasy (inwoýslar);
– daşary söwda şertnamasy (nusga).

Zerur bolan ýagdaýynda Ministrlik goşmaça resminamalary talap edip biler.


E-mail salgysy: sowda.min.11@online.tm

Tel: 44-63-39

Fax: 44-61-41

tm_TMTürkmençe