Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karary

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de Milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy: Türkmenistanyň Söwda we daşary […]

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň […]

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem […]

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahata gatnaşdy

11-nji noýabrda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri […]

Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi

2021-nji ýylyň 8-9-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Bu barada TDIM-niň resmi web-sahypasynda habar berilýär. Şu gün, 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow I.Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus özara hereketleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan welaýatynyň gubernatory […]

Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Duşanbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi. Bu barada www.mfa.gov.tm saýty habar berýär. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň […]

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deň¬hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly […]

Onlaýn söwdalar barha ýokarlanýar

On­laýn dü­kan­la­ryň söw­da­sy şu möw­süm­de dün­ýä ýü­zün­de ös­me­gi­ni do­wam ed­ýär. «De­loit­te» ABŞ-da 2021-nji ýy­lyň do­wa­myn­da di­ňe bir dynç alyş söw­da­sy­nyň 62%-e çen­li ýo­kar­lan­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar. Ame­ri­ka­nyň iň uly bö­lek sa­tuw zyn­jy­ry «Wal­mart» kom­pa­ni­ýa­nyň in­ter­net söw­da­sy­nyň ösen seg­men­ti bo­la­ny üçin, bu ýag­daý­dan peý­da­la­nyp bi­ler. Mun­dan baş­ga-da, kom­pa­ni­ýa bäs­deş­lik ba­ha­la­ry­ny we dynç alyş möw­sü­min­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan […]

Geljegi uly hyzmatdaşlyk

«Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy Abu Da­bi ma­ýa go­ýum bö­lü­mi (ADIO) bi­len hyz­mat­daş­lyk edip, kom­pa­ni­ýa­nyň ug­le­ro­dy­ny azalt­mak stra­te­gi­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýy­la çen­li sar­gyt ýe­ri­ne ýe­ti­riş mer­ke­zi­ni dö­re­der. Tä­ze ýe­ri­ne ýe­ti­riş mer­ke­zi­niň 2024-nji ýy­la çen­li «Ama­zon»-yň we ADIO-nyň ara­syn­da­ky gel­je­gi uly hyz­mat­daş­ly­gyň bir bö­le­gi bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu hyz­mat­daş­lyk ýa­kyn ýyl­lar­da beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar bi­len iş alyp bar­ma­ga hem müm­kin­çi­lik dö­re­der. […]

Geçen hepdede TDHÇMB-de geleşikleriň 20-si hasaba alyndy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 20-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we awia­ke­ro­si­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len ha­ly­lar sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 6 mil­lion 853 müň 700 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy. […]