11-nji noýabrda paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri […]
2021-nji ýylyň 8-9-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Bu barada TDIM-niň resmi web-sahypasynda habar berilýär. Şu gün, 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow I.Babuşkini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-rus özara hereketleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabada saparynyň çäklerinde Astrahan welaýatynyň gubernatory […]
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Duşanbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi. Bu barada www.mfa.gov.tm saýty habar berýär. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň […]
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deň¬hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly […]
Onlaýn dükanlaryň söwdasy şu möwsümde dünýä ýüzünde ösmegini dowam edýär. «Deloitte» ABŞ-da 2021-nji ýylyň dowamynda diňe bir dynç alyş söwdasynyň 62%-e çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Amerikanyň iň uly bölek satuw zynjyry «Walmart» kompaniýanyň internet söwdasynyň ösen segmenti bolany üçin, bu ýagdaýdan peýdalanyp biler. Mundan başga-da, kompaniýa bäsdeşlik bahalaryny we dynç alyş möwsüminde möhüm ähmiýete eýe bolan […]
«Amazon» kompaniýasy Abu Dabi maýa goýum bölümi (ADIO) bilen hyzmatdaşlyk edip, kompaniýanyň uglerodyny azaltmak strategiýasyna laýyklykda, 2024-nji ýyla çenli sargyt ýerine ýetiriş merkezini döreder. Täze ýerine ýetiriş merkeziniň 2024-nji ýyla çenli «Amazon»-yň we ADIO-nyň arasyndaky geljegi uly hyzmatdaşlygyň bir bölegi bolmagyna garaşylýar. Bu hyzmatdaşlyk ýakyn ýyllarda beýleki kompaniýalar bilen iş alyp barmaga hem mümkinçilik döreder. […]
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Özbegistandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda öndürilen halylar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 853 müň 700 dollaryndan gowrak boldy. […]
3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine […]
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda abadançylyk we döwrebaplaşdyrylyş işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem öňde boljak şanly seneleri […]
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” […]