Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda bolup geçen, köp sanly şikes ýetmelere we ýitgilere getiren güýçli harasat zerarly, gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini […]

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gazoýlyny hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük […]

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimize hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Eýranyň Lideri EYR-nyň […]

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna döredijilik sowgady

12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Medeniýet diplomatiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ol halklaryň arasynda parahatçylyk, özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orna eýedir. Ählumumy parahatçylygyň […]

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12-nji dekabrda türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň—parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň hem-de ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül […]

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bitaraplyk dünýäniň abadançylygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilen taglymatdyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk […]

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylaryň käbirini ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karary

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini we medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýolbaşçylar ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy: Türkmenistanyň energetika ministri Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy […]

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karary

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de Milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy: Türkmenistanyň Söwda we daşary […]

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň […]

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem […]