Düýn Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH ýazýar. Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak […]
25-26-njy maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI halkara köpugurly sergi geçiriler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habaryna salgylanyp, Türkmenportal ýazýar. Bu sergä 80-den gowrak türkmen we daşary ýurt kompaniýalary, döwlet edaralarynyň wekilleri we ýurduň işewürlik pudagy gatnaşar. Sergi halk hojalygynyň dürli ugurlarynda we gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, şeýle hem türkmen paýtagtynyň […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet […]
Dünýäde dowam edýän koronawirus ýokanjynyň öňüni almak maksady bilen, girizilen çäklendirmeler sebäpli, Hytaý 1976-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ykdysady ösüş babatda ABŞ-dan yzda galmagy mümkin. Bu barada «Bloomberg» neşirinde çykan habarda ýazylýar. ABŞ-nyň jemi içerki önümi şu ýyl 2,8 göterim ýokarlanar. Inflýasiýanyň ýokarlanmagyna garamazdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary çykdajylaryny ýokarlandyrmak arkaly ykdysadyýetiň ösüşini saklap galmagy başardy […]
Halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň maý aýynda başlamak we monumenti 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga […]
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Size we tutuş türkmen halkyna wenger-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu geçen döwürde gatnaşyklar iki halkyň bähbidine özara hormat goýmak esasynda ösdürildi. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we täze ulgamlarda giňeldilmeginiň Wengriýa üçin mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň […]
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH ýazýar. Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de […]
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH ýazýar. Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, […]
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli […]
Düýn Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy. Bu barada TDH ýazýar. Şu ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk senesi bellenilýär. Döwlet […]