Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler

2022-nji ýylyň 29-31-nji maý aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda haly, dokma we söwda pudaklaryny ösüşine bagyşlanan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler. Türkmenistanyň söwda toplumynyň gazananlarynyň ýerli kärhanalaryň önümleriniň iň soňky nusgalary: azyk, senagat önümleri, sarp ediş harytlary, haly önümleri görkeziler. Serginiň myhmanlary telekeçileriň önümleri we soňky ýeten sepgitleri bilen tanyşyp bilerler. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy […]

Daşoguzda açylan lukmançylyk edaralaryna halkara güwänamalar berildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna ilkinji toý saparynyň çäklerinde açylyp ulanmaga berlen täze lukmançylyk edaralary — 450 orunlyk köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy abraýly halkara güwänamalaryň hem birnäçesine mynasyp boldy. Olar açylyş dabaralaryna gatnaşmaga gelen daşary ýurtly bilermenler tarapyndan gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar. Hususan-da, Daşoguz welaýat […]

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz şäherinde täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen ähmiýetli lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň – Köpugurly we Onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada TDH ýazýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda alnyp barylýan durmuş ugurly […]

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy «Altkom» maliýe-senagat toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy. Bu barada TDH ýazýar. Myhman hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy we ähli türkmen halkyny Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen paýtagtynyň häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň täsin nusgasydygyny, bu ýerde […]

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Interbudmontaž»gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Interbudmontaž»gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH ýazýar. Aşgabat şäheriniň gününe hem-de «Ak şäherim Aşgabat»atly XXI köpugurly halkara […]

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy. Bu barada TDH ýazýar. Işewürler duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi hem-de Arkadagymyzy giňden […]

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene Tehas ştatynyň Ýuwald şäherindäki başlangyç mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu waka sebäpli ençeme çagalaryň pida bolmagy has-da gynançlydyr. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna […]

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä we ýurduň ähli halkyna Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Salome Zurabişwilä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gruziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi — diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne hem-de ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II bin Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, […]

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de «Niсklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi. Bu barada TDH ýazýar. Işewürler döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen […]