Ykdysadyýet

Türkmenistanda telekeçileri goldamak we zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin 300 million dollar bölünip berildi

Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere 150 million, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdeleri bölünip berler. Bu barada 4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi. Bu baradaky degişli Karara 4-nji iýunda milli […]

Ykdysadyýet

www.mintradefer.gov.tm saýtynda «Online arza» atly täze bölüm açyldy

Hormatly raýatlar, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň mintradefer.gov.tm saýtynda «Online arza» atly täze bölümiň açylandygyny size habar berýäris. Täze bölümi tapmak örän aňsat. Siz saýtyň esasy sahypasynda ýerleşdirilen «Online arza» bölümiň üstüne ýekeje gezek basyp, bölümiň içindäki amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz. Has dogrusy, täze bölümiň üsti arkaly siz Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň […]

Ykdysadyýet

Baş prokuror B.Atdaýew wise-premýer wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.T.Atdaýew hakynda Batyr Taganowiç Atdaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

Ykdysadyýet

Wise-premýer Ç.Gylyjow wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gylyjow Ç.B. hakynda Gylyjow Çary Baýramowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.

Ykdysadyýet

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň gaznasynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanda halkara çäreleri geçirmegiň gaznasy diýlip atlandyryldy we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Orazmyrat Gurbannazarow, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýewiň üstüne ýüklenildi. Bu barada TDH ýazýar.

Ykdysadyýet

Dokma senagaty ministrligine «Dokmahyzmat» döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri dowam etdirmek hem-de döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine Aşgabat şäheriniň Seýdi köçesiniň ugrunda bu ministrligiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we ony enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Dokmahyzmat» döwlet […]

Ykdysadyýet

2022-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawy tassyklanyldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň […]

Ykdysadyýet

«Sahawatly söwda» bilen durmuşyňyzy bezäň!

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şu günler Diýarymyzyň ähli künjegi barha ýakynlaşýan Täze ýylyň şatlyk-şowhunly dabaralaryna beslenýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli, 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli halkymyzyň dürli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, harytlary arzanladylan bahalardan satmak bilen bagly «Sahawatly söwda» çäresiniň guralýandygyny habar berýäris. Bu çäre Aşgabat şäherinde we welaýatlarda […]

Ykdysadyýet

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

tm_TMTürkmençe