Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzy Samarkant halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmegine meýilleşdirildi. ŞHG-niň sammitiniň barşynda […]

Ykdysadyýet

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy, şeýle-de bu beýik baýrama bagyşlanan şanly waka — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr. Şoňa görä-de, «Halkyň Arkadagly […]

Ykdysadyýet

Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi

13-nji sentýabrda ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ermenistanyň Türkmenistana gelen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Söwda-senagat edarasynda guralan mejlise gatnaşyjylar möhüm ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri özünde jemleýän döwletara gatnaşyklaryň özara ynanyşmaga esaslanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Däp bolan dostlukly […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. «Şa zenany Ýelizaweta II häzirki zaman taryhynda ähmiýetli işleri bilen dünýä syýasatynda we jemgyýetçilik durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýet hökmünde tanalýar. Onuň […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri hanym Liz Trassa Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. «Şa zenany Ýelizaweta II ömür ýoly, bitiren asylly işleri hem-de galdyran gymmatly mirasy häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Täjigistan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna ýurduň milli baýramy — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Koreýa Halk Demokratik […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonaruwa we Braziliýanyň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Žair Bolsonaruwa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi. Bu barada TDH […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hanym Liz Trassy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. «Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýärin» […]

tm_TMTürkmençe