Dünýä belli elektrik ulag kompaniýasy «Rivian Automotive» geçen hepde köpçülikleýin bazara çykdy. «Rivian» ulaglarynda kompaniýanyň möhüm bazar paýyna bil baglamagy üçin giň mümkinçiligi bar. Häzirki wagtda kompaniýanyň maýa goýumy ABŞ-nyň 120 milliard dollaryndan geçýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, «Rivian» «Amazon»-dan sargyt alyp, hatda aýratyn üpjün ediji bolup hem biler. Geçen hepdedäki birža söwdalarynda kompaniýanyň her bir […]
Biziň gündelik durmuşda iň esasy köp barýan ýerlerimiziň biri-de bazarlardyr. «Bazara bar-da, bagtyňy syna» diýlişi ýaly, gerek zadyňy bereketli ak bazardan saýlap almagam ýakymly. Bazarlarymyzda islän önümiň ençeme görnüşiniň bolmagy-da azyk bolçulygynyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklylygyň üpjün edilmegini […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazutyny, uçar hem-de yşyk kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýa […]
23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iberen iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Hytaýyň Hökümetiniň dünýä ykdysadyýeti üçin häzirki çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady taýdan […]
Her ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýä jemgyýetçiligi Birleşen Milletler Guramasynyň gününi belleýär. Bu şanly sene 1948-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan bäri bellenilip gelinýär. Birleşen Milletler Guramasynyň esasy wezipesi, hemmeler üçin asuda, howpsuz we abadan geljegiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny goldamak we pugtalandyrmak baradaky çagyryşdan ybaratdyr. Guramanyň esasy ýörelgeleri döwletleriň özygtyýarly deňligi, olaryň içerki işlerine goşulmazlyk, dawalary parahatçylykly ýollar […]
23-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Wise-premýer S.Berdimuhamedow […]
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Täjigistandan, Irlandiýadan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 391 müň 285 dollaryndan […]
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna milli baýram — ýurduň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň […]
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ähli täjik halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady hem-de durmuş ugurlarynda gazanan üstünlikleriniň guwandyryjydygyny, şu döwrüň içinde ýurduň […]
Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Şunlukda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň […]