Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХV Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary ýene-de duşuşmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara […]

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

27-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Türkiýäniň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Howa menzilinden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna tarap […]

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammiti öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky Sammiti öz işine başlady. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-niň agzasydyr. Ýokary derejedäki bu duşuşyk paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Bu forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriniň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň […]

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary başlady

Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçiriler. Ýokary derejede geçiriljek bu gezekki duşuşyk iki doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk ýyl ýazgysyna täze wajyp sahypany ýazar. Şeýle hem ol taryhy taýdan umumy medeniýeti we ruhy däpleri bolan türkmen hem-de […]

Aşgabatda YHG-niň agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň başynda YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy — Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşogly […]

Aşgabatda YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda ýokary wezipeli şahslaryň duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi. Bu barada mfa.gov.tm resmi saýty habar berýär. Maslahatyň işine daşary ýurtlardan 40 wekil, hususan-da, YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, YHG agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Söwda biržalar birleşiginiň, Türkiýe-Pakistan Söwda-senagat […]

Türkmen wekiliýeti ŞHG-na agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn […]

YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar çykaryldy

Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.Ýokary derejedäki bu duşuşyk paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit […]

«Nvidia» üçün­ji çär­ýek­de re­kord gir­de­ji ga­zan­dy

«Nvidia» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýylyň üçün­ji çär­ýegin­de ABŞ-nyň 2,464 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de aras­sa gir­de­ji ga­zan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ösüş gör­ke­zi­ji­si 84% ýo­kar­lan­dy. Müşderileriň kompaniýanyň önümlerine bolan isleginiň barha artmagy bilen, girdejileriň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar. «Nvidia» dör­dün­ji ma­li­ýe çär­ýe­gin­de or­ta­ça ABŞ-nyň 7,25-7,55 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar gir­de­ji ga­zan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Nvidia»-nyň her bir paý­na­ma­sy 5% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň […]

«Lu­sid Air» ýy­lyň aw­tou­la­gy baý­ra­gy­ny al­dy

Ame­ri­ka­nyň meş­hur «Mo­torT­rend» aw­tou­lag žur­na­ly ge­çen hep­de ABŞ-nyň elektro­mo­bil­le­ri ön­dür­ýän «Lu­sid» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dö­re­den «Air» aw­tou­la­gy­nyň 2022-nji ýy­lyň «Mo­tor Trend Car of the Year» aw­tou­lag baý­ra­gy­na eýe bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. «Mo­tor Trend»-iň mag­lu­ma­ty­na la­ýyk­lyk­da, «Lu­sid Air»-iň gör­ke­zi­ji­le­riň esa­sy al­ty­sy­nyň her bi­rin­de ýo­ka­ry neti­ji­le­ri gazanandygy ba­ra­da aý­dyl­ýar. Bu pu­dak­da aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­çi­li­ge goý­be­ren il­kin­ji aw­tou­la­gy­nyň baý­rak al­ma­gy […]