Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.Olarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, geljegi uly hasaplanylýan gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar, şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Häzirki […]
Şu gün — 15-nji iýunda geçirilen Tähran duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar gün tertibiniň möhüm meselelerine ünsi çekmek bilen, olaryň şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitinde hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşi Seýed Ebrahim Raisini bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron […]
Şu gün geçirilen ýokary derejeli Tähran duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gazy «swop» görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň «swop» boýunça üçünji ýurtlara iberilmegini öwrenmegi teklip etdi. Munuň özi energetika ugurly türkmen-eýran hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.Ýeri […]
Şu gün iki günlük resmi sapar bilen Tähranda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere çykarmak ugrunda tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady. Bu […]
Şu gün Eýran Yslam Respublikasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.Köşgüň ikiçäk duşuşyklar zalynda açyklyk, birek-birege düşünişmek […]
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan «Turkish Airlines» türk milli awiakompaniýasynyň adynyň «Turkiye Howa Yollary» diýlip üýtgedilendigi barada mälim etdi. Indi ol arassa türk dilinde atlandyrylar. Bu hakda zamon.uz internet neşiriniň maglumatyna salgylanyp, darakchi.uz habar berýär.Maglumat üçin, iýun aýynyň başynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurduň ady türk dilinde «Turkiye» diýlip bellige alyndy. 1923-nji ýylda ýurduň […]
Düýn Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Maslahat merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. TDH-niň habar bermegine görä, maslahatyň dowamynda Ýaşlar hakyndaky Kanunyň taslamasyna seredildi, şeýle-de oňa käbir üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek bilen bagly mesleler […]
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Türkmen döwlet habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, Aşgabadyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran […]
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. «Siziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy köp ugurlarda ajaýyp üstünlikleri gazandy we özüne mahsus ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady. Hormatly Prezidentimiz […]
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň […]