Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly Serdarymyz mähirli […]
Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, şäheri abadanlaşdyrmak bilen bagly taslamalar, binalaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan ähli işlerde, gurluşyklarda halkymyzyň durmuş derejesiniň […]
17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Welaýatlary durmuş-ykdysady […]
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagyny ösdürmek, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan […]
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1401-nji hijri-şemsi ýylynyň hordad aýynyň 24-25-ine gabat gelýän 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döw-letleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň toplumy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara […]
Şu gün geçirilen Tähran duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda taraplaryň taryhdan gelip çykýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy. «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiriniň habar bermegine […]
15-nji iýunda günüň ikinji ýarymynda Tähranda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen gepleşikleri geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň degişli agzalary hem gatnaşdylar. Duşuşygyň başynda döwlet Baştutanymyz jenap Mohammed Bager Galibafa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we ony ýakynda Eýran […]
Şu gün Tähranda Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda Ulag boýunça hökümetara topary döretmek teklibini öňe sürdi. Onuň maksady Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ägirt uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar […]
Şu ýylyň geçen 4 aýy boýunça türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň möçberi 150 million amerikan dollaryna deň boldy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 80 göterim ýokarydyr. Bu barada şu gün Tähranda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýratyn nygtady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.«Biz şu günki duşuşyga […]