Ykdysadyýet

Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy

15-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi. «Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler […]

Ykdysadyýet

Guterriş durnukly ulag hereketlerinde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreş ýüzlendi. Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary hanym Fatima Rabab okady. BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatnaşyjylara, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyny ösdürmek babatda möhüm meseleleri üçin bir ýere […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti geljegiň birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini nygtady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde «Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen […]

Ykdysadyýet

Hazar deňzi barada 30 sany täsin fakt

Hazar deňzi — Wolga derýasyny hasaba almanyňda, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk özboluşly ekoulgamdyr. Ol özünde deňziň duzlulygyny, ýerasty tebigaty babatda hem deňziň tebigatyna kybap gelýän alamatlaryny jemleýän dünýäniň iň uly köli hasap edilýär. Bu makalada şu aşakda görkezilýän aýratynlyklar Hazar deňzi baradaky täsin faktlardyr: 1. Ýer ýüzündäki iň uly dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk suw ulgamydyr. […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy. «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» […]

Ykdysadyýet

Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda

10-njy awgustda Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň «Garşy» deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde «Deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär. Watanymyzyň howpsuzlygynyň kepillendirilmegi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, deňiz serhedimiziň […]

Ykdysadyýet

«Şir» hokkeý toparynyň ýeňşi

«Sport sagdynlygyň gözbaşy» diýen şygaryň hakykat ýüzünde juda janly sözdügine aýdyň göz ýetirdik. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda sporta berilýän ünsüň öňküsinden hem has ýokarlanýandygy we sportuň dürli görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň gazanýan ýeňişleri buýsandyryjy ýagdaýdyr. 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 22 — 27-si aralygynda 2022-nji ýylyň möwsümi üçin hokkeý boýunça çagalar we ýetginjekler toparlarynyň arasynda Aşgabat […]

Ykdysadyýet

Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagyny ösdürmek, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan […]

Ykdysadyýet

«EKSPO-2020»-däki Türkmenistanyň milli pawilýony ýene-de 5 ýyl möhletiň dowamynda ulanylar

«EKSPO-2020» sergisinde Dubaý şäherinde gurlan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binasy halkara sergileri geçirmek maksady bilen ulanylar. Bu barada 11-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde söwda toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimize beren hasabatynda aýtdy. Bütindünýä sergisiniň 2022-nji ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlandygy sebäpli Dubaýdaky guramaçylyk komiteti şol Milli pawilýonyň binasyny ýene-de […]

tm_TMTürkmençe