Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň «GaffneyСline» kompaniýasynyň ýardam bermeginde guraldy. Bu barada TDH habar berýär. Şu gezekki forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna onlaýn […]
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 2 — 22-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.
23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada mfa.gov.tm ýazýar. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç […]
Şu gün Mary şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu hepdelige gatnaşmak üçin paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gadymy Mary topragynda ýygnanan medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiriniň habar bermegine görä, dabara «Ruhyýet» köşgüniň öňünde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen badalga berildi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň aýratynlykda şekillendiriş we […]
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda uly sepgitleri eýeleýär, eziz Watanymyzyň halkara […]
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. Geçen ýyllaryň dowamynda biziň doganlyk ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylýandygynyň şaýady bolduk. Pursatdan […]
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. «CNPC»-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. HHR-iň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda […]
Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi O.D.Kononenka Hormatly Oleg Dmitriýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. […]
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyn-dan, ABŞ-dan we BAE-den gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawod-lar toplumynda öndürilen awiakerosini, göni işlenen awtobenzini, tehniki uglerody we polipropi-leni satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň […]
18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine iş saparlaryň jemleri, häzirki tapgyrda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Mary […]