Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy kiçi, orta we uly telekeçiligiň bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de milli ykdysadyýetiň ösmegine, dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagyna, telekeçilik işiniň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ulgamyna welaýat Söwda-senagat kärhanalary, terjimeçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhana hem-de Söwda öýi girýär. Ýurtda öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny ösdürmäge ýardam bermek […]
«Türkmenhaly» döwlet birleşigi Türkmenistandan arassa ýüň ýüplerden dokalýan meşhur türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar. Birleşigiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-si degişli bolup, […]
Şu günki günde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 60-dan gowrak dokma toplumlary, dokma we egriji fabrikleri, tikin hem-de gön-aýakgap fabrikleri hereket edýär. Dünýäniň öňdebaryjy, daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan kärhanalarda halkara bazarda bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek maksady bilen, dokma kärhanalarynda yzygiderli modernizasiýa — tilsimat we kömekçi enjamlary täzelemek işleri geçirilýär. Ýokary hilli türkmen […]
Häzirki wagtda Türkmenistan özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mesgenine öwrüldi. Döwletimizde daşary söwda ulgamy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet Haryt-çig mal biržasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 1994-nji ýylyň 29-njy iýulynda döredildi. Türkmenistanyň Döwlet Haryt-çig mal biržasy döwletde eksport-import amallaryny kadalaşdyryjy ykdysady ulgamlarda wajyp orny eýeläp, adalatly işewürligiň we amatly bähbitleriň […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly kaliý serişdesini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid Singapuryň işewür […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdala-rynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenba-şydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Mun-dan başga-da, Owganystanyň işewürleri Seýdiniň nebiti […]
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Owganystandan we Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen arassalanan dizel ýangyjyny we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 800 müň dollaryna […]
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan, ABŞ-dan we BAE-den gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, göni işlenen awtobenzini, tehniki uglerody we polipropileni satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň […]