Ykdysadyýet

Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Polimer Gap» hojalyk jemgyýetinde öndürilen «Nitros» söwda markaly mineral döküni we «B» kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 251 müň 370 dollaryna deň boldy. Manat serişdesine BAE-den gelen […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň esasy maksatlarynyň biri hususyýetçileriň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyply bolan harytlary öndürmäge, öňdebaryjy tehnologik täzelikleriň önümçilige girizilmegine we giňden peýdalanylmagyna gatnaşmagyna ýardam etmekdir. Importuň ornuny tutup biljek ýokary hilli önümleri öndürmek, ýurtda haryt we azyk bolçulygyny döretmek boýunça meseleleri çözmekde hususy ulgama […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi harytlary daşary ýutlardan satyn almakda hem-de harytlary daşary ýurtlara ýerlemekde esasy köpri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda ulgamy ýurdumyzyň ýokary depginler bilen ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Bazar gatnaşyklaryny emele getirmekde, kämilleşdirmekde durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler, hususy eýeçiligi ösdürmek babatda maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, döwlet we […]

Ykdysadyýet

Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy kiçi, orta we uly telekeçiligiň bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de milli ykdysadyýetiň ösmegine, dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagyna, telekeçilik işiniň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ulgamyna welaýat Söwda-senagat kärhanalary, terjimeçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhana hem-de Söwda öýi girýär. Ýurtda öndürilen harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny ösdürmäge ýardam bermek […]

Ykdysadyýet

Türkmen haly önümleri dünýä bazarlarynda

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi Türkmenistandan arassa ýüň ýüplerden dokalýan meşhur türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar. Birleşigiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-si degişli bolup, […]

Ykdysadyýet

Türkmen dokma önümlerine dünýäde isleg barha artýar

Şu günki günde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 60-dan gowrak dokma toplumlary, dokma we egriji fabrikleri, tikin hem-de gön-aýakgap fabrikleri hereket edýär. Dünýäniň öňdebaryjy, daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan kärhanalarda halkara bazarda bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek maksady bilen, dokma kärhanalarynda yzygiderli modernizasiýa — tilsimat we kömekçi enjamlary täzelemek işleri geçirilýär. Ýokary hilli türkmen […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy — özara ynamyň girewi

Häzirki wagtda Türkmenistan özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mesgenine öwrüldi. Döwletimizde daşary söwda ulgamy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet Haryt-çig mal biržasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 1994-nji ýylyň 29-njy iýulynda döredildi. Türkmenistanyň Döwlet Haryt-çig mal biržasy döwletde eksport-import amallaryny kadalaşdyryjy ykdysady ulgamlarda wajyp orny eýeläp, adalatly işewürligiň we amatly bähbitleriň […]

Ykdysadyýet

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly kaliý serişdesini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt […]

Ykdysadyýet

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid Singapuryň işewür […]

tm_TMTürkmençe