TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 700 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümlerine uly isleg bildirildi. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini, yşyklandyryş we uçar kerosinini, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny […]
Diýarymyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 24-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu möwsüme 29-njy martda girişerler. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 müň dollaryndan […]
Tehniki granulirlenen kükürt (her tonnasynyň bahasy – $45) we buýanyň kakadylan arassalanmadyk kökleri we kök baldaklary (her tonnasynyň bahasy – $500) anna güni, 3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň esasy özeni boldy. Owganystandan gelen telekeçi «Türkmengaz» döwlet konserni bilen kükürdiň 5 müň tonnasyny $225 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy. Birleşen Arap Emirliklerinden […]
PS 400-G20-K kysymly portlandsement (her tonnasynyň bahasy — $36) we TPP D382BF kysymly polipropilen (her tonnasynyň bahasy — 25 müň TMT) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda penşenbe güni, 23-nji fewralda bolan söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy. Owganystandan gelen işewür ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen 10 müň tonna portlandsementi $360 müňe satyn almak barada […]
Gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy (her tonnasynyň bahasy — $838,75), A-95 kysymly ulag benzini (her tonnasynyň bahasy — $809), nah ýüplügi (her kg bahasy — $2,45) we boýalan tüýjümek önümler (her kg bahasy — $5,50) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda duşenbe, sişenbe we çarşenbe günleri — 20-22-nji fewral aralygynda geçirilen söwdalaşyklaryň esasy önümleri boldy. […]
Nah ýüplügiň dürli görnüşleri (her kg bahasy $2,25 we $2,50 ) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda şenbe güni, 18-nji fewralda geçirilen söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy. Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekili Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bu önümiň jemi 39 müň tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdy. Geleşigiň jemi bahasy $91 müň amerikan dollaryna deň boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we polipropileni satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen önümlere ýokary isleg bildirildi: Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, Hytaýyň, BAE-niň işewürleri bolsa tehniki ýody […]
Jet A-1 uçar kerosini (her tonnasynyň bahasy — $814), «A» kysymly tehniki ýod (her tonnasynyň bahasy — $62,5 müň) we nah ýüplügi (her kg bahasy — $2,15) penşenbe güni, 16-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň barşynda uly islege eýe boldy. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür «Türkmennebit» Döwlet konserni bilen uçar kerosininiň 3 müň […]
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, yşyklandyryş kerosini, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan […]