Ykdysadyýet

«Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeşdirmek» atly Halkara maslahaty öz işini dowam edýär

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahaty öz işini dowam edýär. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýandygyny ýatladýarys. Mundan başga-da maslahata BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary abraýly halkara, sebit we […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatdaky çykyşy

Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin! Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň onlarçasynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu bolsa […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty guraldy

15-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi. «Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler […]

Ykdysadyýet

Guterriş durnukly ulag hereketlerinde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreş ýüzlendi. Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary hanym Fatima Rabab okady. BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatnaşyjylara, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyny ösdürmek babatda möhüm meseleleri üçin bir ýere […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti geljegiň birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini nygtady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde «Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen […]

Ykdysadyýet

Hazar deňzi barada 30 sany täsin fakt

Hazar deňzi — Wolga derýasyny hasaba almanyňda, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk özboluşly ekoulgamdyr. Ol özünde deňziň duzlulygyny, ýerasty tebigaty babatda hem deňziň tebigatyna kybap gelýän alamatlaryny jemleýän dünýäniň iň uly köli hasap edilýär. Bu makalada şu aşakda görkezilýän aýratynlyklar Hazar deňzi baradaky täsin faktlardyr: 1. Ýer ýüzündäki iň uly dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk suw ulgamydyr. […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Polimer Gap» hojalyk jemgyýetinde öndürilen «Nitros» söwda markaly mineral döküni we «B» kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 251 müň 370 dollaryna deň boldy. Manat serişdesine BAE-den gelen […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi. «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Bu forum Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy. «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» […]

Ykdysadyýet

«Merw» döwlet lomaý-bölek söwda firmasy

Alyp barýan işleriniň ugry: Lomaý we bölek söwda. Alyp barýan işleriniň görnüşleri: Firma halkyň sarp edýän harytlarynyň lomaý, bölek we komission söwdasyny hem-de jemgyýetçilik iýmitiniň söwdasyny ýerine ýetirýär. Ilatdan oba hojalyk önümlerini satyn alyp, alyjylar köpçüligine elýeterli bahadan ýetirmek, ilatyň ösen islegini öwrenmek we harytlar barada maglumat bermek işlerini hem ýerine ýetirýär. Firmanyň 53 söwda […]

tm_TMTürkmençe