Aşgabat şäheri

Geçen hepdede TDHÇMB-de geleşikleriň 20-si hasaba alyndy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 20-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we awia­ke­ro­si­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len ha­ly­lar sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 6 mil­lion 853 müň 700 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy. […]

Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

3-nji dekabrda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň pu­dak­la­ry­nyň şu ýy­lyň on bir aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne, bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na, şeý­le hem döw­le­ti­mi­ziň hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Mil­li Li­de­ri­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne […]

Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda abadançylyk we döwrebaplaşdyrylyş işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem öňde boljak şanly seneleri […]

Aşgabat şäheri

Paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, YHG-a agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň […]

Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” […]

Aşgabat şäheri

TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Özbegistanyň täjirleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy. Owganystanyň we Özbegistanyň […]

Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamini kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň Hökümetiniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Myhman mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny […]

Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hymatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň ХV Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwin bilen duşuşdy. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Prezident Arif Alwi mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistanyň […]

Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ХV Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary ýene-de duşuşmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara […]

Aşgabat şäheri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi

27-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Türkiýäniň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Howa menzilinden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna tarap […]

tm_TMTürkmençe