Over 10 years we help companies reach their financial and branding goals. Maxbizz is a values-driven consulting agency dedicated.

Gallery

Contact

+1-800-456-478-23

411 University St, Seattle

maxbizz@mail.com

Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt pulyna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazudyny, ýol nebit bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini we “Türkmenhimiýa” döwlet […]

«Sahawatly söwda» bilen durmuşyňyzy bezäň!

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şu günler Diýarymyzyň ähli künjegi barha ýakynlaşýan Täze ýylyň şatlyk-şowhunly dabaralaryna beslenýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli, 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli halkymyzyň dürli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, harytlary arzanladylan bahalardan satmak bilen bagly «Sahawatly söwda» çäresiniň guralýandygyny habar berýäris. Bu çäre Aşgabat şäherinde we welaýatlarda […]

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn, 24-nji dekabrda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly […]

Türkmenistanyň Prezdentiniň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň 6-njy awgustynda belläp […]

Goranmak ministrligine ýöriteleşdirilen harby mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwçylaryny okatmagyň hilini kämilleşdirmek we olaryň bilim taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, olar üçin häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna laýyk gelýän okuw şertlerini döretmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine Aşgabat şäheriniň […]

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy, Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli […]

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa berk käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Gurbannazarow Orazmyrada berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

Düýn paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara […]