Ykdysadyýet

Jemgyýetçilik ulagynyň döwrebaplaşdyrylmagy — ýolagçylar barada alada

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi. Ýurdumyzyň awtoulag düzüminiň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ýolagçylara hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şunda taksi awtoulaglarynyň hyzmatlar ulgamynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. […]

Ykdysadyýet

Ulag düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabaralary geçirildi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap, we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň öwüşginini has-da artdyrdy. Şanly seneleriň öňüsyrasynda möhüm ähmiýetli desgalaryň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artýandygyna, onuň durmuş taýdan ösüşine […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ählihalk baýramyna — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk gününe gabatlanylan bu şanly waka ýurdumyzyň halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna berk ygrarlylygynyň aýdyň beýany boldy. Ministrler Kabinetiniň 23-nji sentýabrda bolan mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady. «Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we ikitaraplaýyn ynanyşmaga daýanýar» diýip, döwlet […]

Ykdysadyýet

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen EKO-5 kysymly gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Polşanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Samarkant sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde ŞHG-niň Samarkantda geçýän sammitine gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz sammitde ŞHG-niň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy meseleleri bilen bagly çykyş eder. Duşuşygyň netijeleri boýunça jemleýji resminama gol çekilmegine göz öňüne tutulýar. Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri — Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen kärdeşini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz çakylyk hem-de bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin özbek kärdeşine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Andres Manuel Lopes Obradora tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw […]

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzy Samarkant halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmegine meýilleşdirildi. ŞHG-niň sammitiniň barşynda […]

tm_TMTürkmençe