Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Rumen Radewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Bolgariýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.