Türkmenistanyň Prezidenti Malta Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malta Respublikasynyň Prezidenti Jorj Wella we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Malta Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jorj Wella tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malta Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.