Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Kuweýt Döwletiniň Emirine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.

tm_TMTürkmençe