Ykdysadyýet

Nah ýüplügiň dürli görnüşleri söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy

Nah ýüplügiň dürli görnüşleri (her kg bahasy $2,25 we $2,50 ) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda şenbe güni, 18-nji fewralda geçirilen söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy.
Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekili Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bu önümiň jemi 39 müň tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Geleşigiň jemi bahasy $91 müň amerikan dollaryna deň boldy.

tm_TMTürkmençe