Içerki bazarda polipropilen uly islege eýe boldy, daşarky bazarda – portlandsement
PS 400-G20-K kysymly portlandsement (her tonnasynyň bahasy — $36) we TPP D382BF kysymly polipropilen (her tonnasynyň bahasy — 25 müň TMT) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda penşenbe güni, 23-nji fewralda bolan söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy.
Owganystandan gelen işewür ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen 10 müň tonna portlandsementi $360 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Ýerli telekeçi «Türkmennebit» döwlet konserni bilen polipropileniň 100 tonnasyny 2,5 mln TMT satyn almak barada geleşik baglaşdy.