Ykdysadyýet

Hepdäniň başyndan bäri biržadaky söwdalaşyklarda bahasy $38 mln-dan gowrak 10 geleşik baglaşyldy

Gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy (her tonnasynyň bahasy — $838,75), A-95 kysymly ulag benzini (her tonnasynyň bahasy — $809), nah ýüplügi (her kg bahasy — $2,45) we boýalan tüýjümek önümler (her kg bahasy — $5,50) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda duşenbe, sişenbe we çarşenbe günleri — 20-22-nji fewral aralygynda geçirilen söwdalaşyklaryň esasy önümleri boldy.
Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen jemi bahasy $25,1 mln möçberde geleşik baglaşyp, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Jemi önümiň 30 tonnasy ugradyldy.
Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen A-95 kysymly ulag benziniň 10 müň tonnasyny $8 mln gowraga satyn almak üçin geleşik baglaşdylar.
Türkiýeden gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginden 86 müň kg nah ýüplügini $210,7 müňe satyn aldylar, BAE-niň wekili bolsa — şol önümiň dürli görnüşleriniň 107 müň kg 4,1 mln TMT satyn aldy.
Azerbaýjanyň işewür toparynyň wekili dürli ölçeglerdäki orta reňklerdäki boýalan tüýjümek önümleriň 132 müň kg $726 müňe satyn aldy.
Jemi hepdäniň başyndan bäri TDHÇB-daky söwdalaşyklarda $38,1 mln möçberde 10 geleşik baglaşyldy.

tm_TMTürkmençe