Ykdysadyýet

Söwdalaşyklarda uçar kerosini we tehniki ýod uly islege eýe boldy

Jet A-1 uçar kerosini (her tonnasynyň bahasy — $814), «A» kysymly tehniki ýod (her tonnasynyň bahasy — $62,5 müň) we nah ýüplügi (her kg bahasy — $2,15) penşenbe güni, 16-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň barşynda uly islege eýe boldy.
Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür «Türkmennebit» Döwlet konserni bilen uçar kerosininiň 3 müň tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdy. Geleşigiň jemi bahasy $2,4 mln-dan geçdi.
Hytaýdan gelen telekeçi «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni bilen «A» kysymly tehniki ýoduň 25 tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdy, geleşigiň bahasy $1,5 mln-dan geçdi.
Irlandiýanyň işewür toparlarynyň wekili Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplüginiň 12,6 müň kg $27 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Türkiýeden gelen işewür söwdalaşyklarda nah ýüplüginiň 8,4 müň tonnasyny 262,5 müň TMT satyn aldy.
Jemi söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy $4 mln we 262,5 müň TMT deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

tm_TMTürkmençe