Sişenbe güni söwdalaşyklarda 50 geleşik baglaşyldy
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasynyň bahasy — $545), az kükürtli ýangyz mazut (her tonnasynyň bahasy — $446,75), nebit ýol bitumy (her tonnasynyň bahasy – 2,5 müň TMT), nah ýüplügi (1 kg bahasy — 45 ТМТ) we elde dokalan halylaryň dürli görnüşleri sişenbe güni, 7-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy.
Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen jemi bahasy $2,7 mln möçberde geleşik baglaşyp, suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasyny satyn aldylar.
Şweýsariýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler söwdalaşyklaryň barşynda az kükürtli mazutyň 80 müň tonnasyny satyn aldylar. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy $35,7 mln amerikan dollaryna deň boldy.
BAE-niň işewür toparlarynyň wekili Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden 22 müň kg nah ýüplügini 990 müň TMT satyn aldy.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen BND 60/90 kysymly nebit ýol bitumynyň 10 müň tonnasyny jemi 25 mln TMT satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Şeýle hem türkmen telekeçileri elde dokalan türkmen halylarynyň 101,8 inedördül metrini 84,4 müň TMT satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Jemi sişenbe güni söwdalaşyklaryň barşynda umumy bahasy $38,4 mln we 26 mln türkmen manadyna deň bolan 50 geleşik baglaşyldy.