Ykdysadyýet

Anna güni geçen söwdalaşyklarda dürli kysymly dizel ýangyjy eksport edildi

Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (tonnasynyň bahasy — $1006) we ЭКО-5 kysymly gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy (tonnasynyň bahasy — $1144) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda anna güni, 20-nji ýanwarda geçirilen söwdalaşyklaryň barşynda uly islege eýe boldy.
Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 1 tonnasyny Owganystanyň wekili satyn aldy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen $1 mln gowrak möçberde geleşik baglaşdy.
Owganystandan gelen başga telekeçi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen ЭКО-5 kysymly gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 5 müň tonnasyny $5,7 mln satyn almak barada geleşik baglaşdy.

tm_TMTürkmençe