Ykdysadyýet

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana sapary başlandy

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana ikigünlik sapary başlandy.
Düýn Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri türkmen-rus işewürlik maslahatynyň plenar mejlisine gatnaşar.
Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, saparyň çäklerinde Mihail Mişustin ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-rus gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada TDH habar berýär.

tm_TMTürkmençe