Ykdysadyýet

Boýalan tüýjümek önümler uly islege eýe boldy

Orta reňklerdäki dürli ölçegli boýalan tüýjümek önümler (kilogramynyň bahasy — $5,50) sişenbe güni, 17-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň barşynda uly islege eýe boldy.
Azerbaýjandan gelen telekeçi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen 55 müň kg önümi satyn almak barada geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy bahasy $302,5 müňe deň boldy. Bu barada tmex.gov.tm habar berýär.

tm_TMTürkmençe