Ykdysadyýet

Birža söwdalary

Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Gonkongdan, Ow­ga­nys­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, BAE-den we Azerbaýjandan ge­len te­le­ke­çi­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len suwuklandyrylan gazy, aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny we gö­ni iş­le­nen ben­zi­ni sa­tyn al­dy­lar. Şol san­da Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy.
Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 38 mil­lion 781 müň 610 dol­la­ry­na deň bol­dy.
Ma­nat se­riş­de­si­ne BAE-den ge­len işe­wür­ler Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len, je­mi ba­ha­sy 42 million 482 müň 500 ma­nat­lyk nah ýüp­lü­gi­ni sa­tyn al­dy­lar.
Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri içer­ki ba­zar üçin je­mi ba­ha­sy 1 mil­lion 205 müň 985 ma­nat­lyk­dan gow­rak ýo­ka­ry hil­li po­lie­ti­le­ni, nah ýüplügini we el ha­ly­la­ry sa­tyn al­dy­lar.

tm_TMTürkmençe