Ykdysadyýet

Söwda ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi haryt bolçulygyny üpjün etmegiň esasy şertidir

Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, sanly ulgam arkaly ilata edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň söwda toplumynyň öňünde goýan esasy wezipeleridir.
Söwda ulgamy islendik önümçilik işiniň ahyrky netijesidir. Şeýlelikde, onuň ösüşiniň derejesi, işiň, harytlaryň we hyzmatlaryň giň gerimi, köpdürlüligi diňe bir ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň derejesine däl, eýsem, ýurdumyzyň senagat pudaklarynyň kuwwatyna, onuň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlaryndaky makroykdysady görkezijiler söwda ulgamynyň durnukly ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Hususan-da, şu ýylyň alty aýynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,3 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 105,6 göterime barabar boldy.
Bu ministrlik ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden we zerur bolan halatynda daşary ýurtly önüm öndürijilerden ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin elýeterli bahadan harytlaryň gerek bolan möçberlerini satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar.
Häzirki wagtda önümçilik pudaklary we hyzmatlar bazarlary sanly ulgama işjeň geçýärler. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýokary depginlerde ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän ornuny berkidýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, elektron söwdany guramak bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.
Dünýäniň bölek we lomaý söwdasynda bolup geçýän özgertmeler geljegi uly işewürlik nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazaryndaky ýagdaýlara dogry we öz wagtynda seslenmegiň bäsdeşleriň öňünde artykmaçlyk berýändigi äşgärdir.
Internet dükanlarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Söwdada sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri kämilleşdirilýär. Harytlary uzak aralykdan satmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsdeşlige ukyply bazar ykdysadyýeti kemala gelýär.
Aşgabatda döwlet söwda kärhanalaryny sanlylaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkezi tarapyndan esaslandyrylan «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň hünärmenleri «Hengsheng Lianhua Investment Management Co.Ltd» hem-de «Tongfang Hongkong Limited» ýaly belli hytaý kompaniýalary bilen bilelikde işleýärler. Kärhana «Agzybirlik tilsimaty» haryt nyşanly enjamlary, şol sanda sensor ekranly kompýuterleri, çek-printerleri, ştrih-kod printerleri we skanerleri öndürýär. Bu enjamlar söwda nokatlarynda söwdanyň guralyşyna awtomatik ýagdaýda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň görkezijisi, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegleri aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly maglumat-seljeriş çeşmesi bolup durýar. Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe söwda geleşikleriniň 149-sy geçirilip, şolarda 18 müň 255 şertnama hasaba alyndy.
Türkmenistanyň GS1 halkara guramasyna (Global Standart One) goşulmagy hem ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär.
Birža söwdalarynda 40-dan gowrak döwlete, şol sanda Russiýa, Hytaýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Beýik Britaniýa, Türkiýä, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we beýleki ýurtlara ýurdumyzda öndürilýän harytlar eksporta iberilýär. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, dünýäniň ähli künjeginden işewürleriň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýän durnukly ykdysady hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy ýardam berýär.
Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt derejesi («işjeň synçy») milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi, ýurdumyzyň daşary söwdadaky ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin şertleri döredýär, köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, köp millionlyk maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam edýär. Şeýle-de munuň özi Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýalaryny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge degişlidir.
Bütindünýä Söwda Guramasy özüniň agzalarynyň arasynda söwdanyň düzgünlerini kadalaşdyrýan ýeke-täk ählumumy halkara gurama bolup durýar. Dünýäniň köp sanly ýurdunyň gatnaşmagynda gol çekilen we tassyklanan degişli ylalaşyklar onuň esasyny düzýär. BSG-niň kadalary söwda-ykdysady gatnaşyklarda milli kanunçylygy işläp taýýarlamak, ony iş ýüzünde ulanmak üçin möhüm çelgi bolup durýar.
Guramanyň baş maksady agza döwletleriň arasynda durnukly, aýdyň we erkin söwda akymlaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda dünýäniň 164 ýurdy BSG-niň agzasy bolup durýar. Döwletleriň birnäçesi onda synçy derejesine eýedir. Türkmenistan synçy derejesine eýe bolan 25-nji döwletdir. Bu bolsa ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmek, eksportyň möçberlerini artdyrmak, şeýle-de bazar gatnaşyklarynyň özgertmeleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen birlikde, «işjeň synçy» derejesi Bütindünýä Söwda Guramasynyň geçirýän resmi çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär we onuň esasy resminamalaryna, guramanyň söwda meseleleri boýunça tehniki goldaw maksatnamasyna elýeterliligi üpjün edýär.
Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly orun eýeleýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň fewral aýynda Tatarystanyň paýtagtynda Türkmen söwda öýi açyldy. Ol Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda öndürilen dürli harytlaryň lomaý hem-de bölek söwdasy bilen meşgullanýar.
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullady.
Mälim bolşy ýaly, Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde döwlet hem-de hususy düzümleriň, IT kompaniýalaryň, dizaýnerleriň, suratkeşleriň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýörite okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda milli nyşan hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak bilen bagly bäsleşik yglan edildi. Onda ähli isleg bildirýänleriň işlerine-de garalar.
Milli nyşan owadan şekili hem-de gysgalygy, şol bir wagtyň özünde çuňňur manysy bilen tapawutlanýan, özünde watansöýüjilik pikirini jemleýän türkmen, iňlis we rus dillerindäki şygaryň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy taslamalar seçilip alnar hem-de degişli taslama tassyklanylar.
Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 104,1 göterime barabar bolandygyny bellemek gerek.
Hyzmat etmegiň häzirki zaman görnüşleri we usullary ösdürilýär, söwda edaralarynyň işini guramagyň tehnologiýasy, söwda nokatlarynyň önümleriň dürli görnüşleri bilen üpjün edilmegi babatda halkara standartlara geçmek işi işjeň dowam etdirilýär. Munuň özi döwletiň ykdysady taýdan abadançylygynyň iň gowy görkezijisi bolup durýar we islendik ýurduň ösüşiniň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýär.
Şeýlelikde, söwda edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda harytlaryň bolçulygyny mundan beýläk-de artdyrmaga, şunlukda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

tm_TMTürkmençe