Ykdysadyýet

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Özbegistanyň işewürleri arassalanan benzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Özbegistanyň hemde BAE-niň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we tehniki ýody satyn aldylar.
Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçileri bolsa nah ýüplügi we boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 727 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 724 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million 960 müň manatlyk «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

tm_TMTürkmençe